Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Başgyr aktiwistiniň hökümi üýtgemedi


Orsýetiň Başgyrdystan respublikasynyň Ýokary sudy ýerli hukuk aktiwistine çykarylan sud hökümini güýjünde galdyrdy.

Sud 28-nji iýulda Aýrat Dilmuhamedowa berlen üç ýyl türme tussaglygyny öňküligine galdyrdy. Dilmuhamedow mart aýynda, paýtgat Ufanyň Kirow etrap sudy tarapyndan, «terrorizme jemgyýetçilik goldawyny bermekde» günäli tapyldy.

Şeýle-de sud ony iki ýyl žurnalizm bilen meşgullanmasyz etdi. Dilmuhamedow resmi taýdan 2013-nji ýylyň iýulynda, internetde «Ahyrzaman» atly makalasy çap edileninden soň aýyplandy.

Sülçüler bu makalada ekstremizme, Başgyrdystanyň Orsýetden bölünmegine çagyryş bar diýýärler.

Dilmuhamedow özüniň bigünädigini aýtdy.

Başgyrdystanda köp adam Dilmuhamedowyň garşysyna bildirilen aýyplamalaryň syýasy sebäplidigini, onuň hukuk işjeňligi üçin ýanalýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG