Sepleriň elýeterliligi

Kürt lideri türk planyny tankytlaýar


Türkiýäniň Kürt halk demokratik partiýasynyň başlygy Selahattin Demirtaş Türkiýe bilen ABŞ-nyň demirgazyk Siriýada howpsuz zona döretmek planyny tankytlady, ol bu işiň kürtleriň öz bitişik territoriýasyny döretmeginn öňünialmak üçin edilýändigini aýdýar.

Demirtaş BBC-ä Türkiýäniň «Yslam döwleti» jeňçi toparyna garşy harby operasiýasy we serhet boýunda bufer zona döretmek plany kürdüstan Işçiler partiýasyny nyşana almak üçin perde diýdi.

Waşington PKK-ni terrorçy gurama hasaplaýar, emma Yrakda we Siriýada «Yslam döwleti» toparyna garşy uruşýan beýleki kürt toparlaryny goldaýar.

XS
SM
MD
LG