Sepleriň elýeterliligi

«Laşker-e-Jaňwiniň» lideri öldürildi


Pakistan polisiýasy «Laşker-e-Jaňwi» jeňçi toparynyň liderini, onuň iki ogluny we ýene 11 kişini öldürendigini aýdýar.

Bu hadysa 29-njy iýulda, ýaragly adamlar sünni ekstremistini tussagdan boşatmak üçin polisiýa konwoýyna hüjüm edende bolupdyr.

Malik Ishak ABŞ-nyň global terror sanawyna girizilen jeňçidi we onuň döreden topary aglabasy şaýy musulmanlaryna degişli ýüzlerçe adamyň öldürilmeginiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG