Sepleriň elýeterliligi

'Talyban' bilen gepleşikler şübhe astynda


“Talyban” owgan hökümeti bilen parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň täze tapgyrynyň şu hepdä planlaşdyrylandygy baradaky maglumatlary ret etdi.

“Talybanyň” metbugat-wekili Zabihullah Mujahidi 30-njy iýulda eden çykyşynda media maglumatlaryna salgylanyp, “Talybanyň” gepleşikleri geçirmäge ygtyýarly syýasy edarasynyň “şeýle proseslerden bihabardygyny” aýtdy.

Owganystan tarapyndan gepleşikleri alyp barýanlar şu hepdede AÝ/AR bilen söhbetdeşliginde owgan hökümetiniň we “Talybanyň” arasynda parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň 31-nji iýula bellenendigini aýtdylar.

Emma Kabulyň 29-njy iýulda Molla Muhammad Omaryň iki ýyl mundan öň keselçiligiň netijesinde Pakistanyň Karaçi şäheriniň keselhanasynda ölendigi barada aýtmagynyň yzýany, şeýle gepleşikleriň geljegi nämälim galýar.

“Talybanyň” metbugat-wekili Molla Omaryň ölümi bilen bagly meseläni agzamady.

XS
SM
MD
LG