Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ismaýilowa sylag berdi


AV/AR-nyň žurnalisti Hadija Ismaýilowa
AV/AR-nyň žurnalisti Hadija Ismaýilowa

ABŞ-nyň Milli metbugat kluby 29-njy iýulda metbugat azatlygy boýunça baş baýragyny tussaglykdaky azeri žurnalisti Hadija Ismaýilowa gowşurdy.

AÝ/AR-sy bilen işleşýän Ismaýilowa 234 gün bäri deslapky tussaglykda saklanýar. Köp synçy žurnalistiň tussag edilmeginiň ýurtdaky ýokary derejeli korrupsiýa, şol sanda muňa prezident Ilham Aliýewiň gatnaşmagy boýunça geçiren derňewleri bilen baglydygyny aýdýar.

Azerbaýjanyň sudy Ismaýilowanyň işi boýunça 24-nji iýulda geçiren birinji diňlenişiginde aklawçylaryň žurnaliste garşy öňe sürlen salgytdan gaçmak we ogurlyk bilen bagly aýyplamalary aradan aýyrmak hem ony öý tussaglygyna geçirmek baradaky arz-şikaýatlaryny ret etdi. Ismaýilowa 19 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilmegiň ähtimallygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Media klubunyň metbugat azatlygy boýunça baýragyna şu ýyl eýe bolan tussaglykdaky beýleki žurnalistleriň arasynda “Waşington Post” neşriniň Siriýadaky habarçysy Austin Taýs we Tährandaky habarçysy Jason Rezaian bar.

XS
SM
MD
LG