Sepleriň elýeterliligi

BMG: Orsýetiň rezolýusiýa garşylygy ýazgaryldy


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahaty, Nýu Ýork, 29-njy iýul, 2015.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahaty, Nýu Ýork, 29-njy iýul, 2015.

Awstralia we Gollandiýa Orsýetiň BMG-niň rezolýusiýasyna gadagançylyk girizmegini tankyt etdiler. Rezolýusiýada Malaziýanyň howa ýollarynyň MH17 uçaryny gündogar Ukrainanyň giňişliginde urlup gaçyrmakda jogapkär diýip guman edilýänleri sud etmek üçin halkara tribunalyny döretmek göz öňünde tutulýar. Uçar heläkçiliginde 298 adam heläk boldy.

Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte “Orsýet halkara adalatynyň öňünde synagdan geçip bilmedi” diýip belledi. Ol Orsýetiň garşylygynyň “örän gynandyryjy” bolandygyny, emma garaşylmadyk ýagdaý däldigini aýtdy.

Awstraliýanyň premýer-ministri Tony Abbott 30-njy iýulda eden çykyşynda Orsýetiň gadagançylygynyň “gahar getirijidigini” aýtdy.

Gollandiýanyň ýolbaşçylygynda geçirilýän derňewleriň käbir netijesinde uçaryň separatistleriň gözegçiligindäki territoriýadan orsýet raketasy tarapyndan urlup gaçyrylandygy çak edilýär. Bu derňewleriň netijeleriniň oktýabr aýynda çap edilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG