Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Iki esger, üç söweşiji öldürildi


Pakistanyň howpsuzlyk resmileri 30-njy iýulda irden durnuksyz Hyber Pahtukhwa welaýatynda barlag-geçiş nokadynda bolan çaknyşykda azyndan iki pakistanly esgeriň we Pakistanyň “Talyban” toparynyň üç söweşijisiniň öldürlendigini habar berdiler.

Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, ok atyşygy 10 golaý adamdan ybarat söweşiji toparyň Bannu etrabynda ýerleşýän barlag-geçiş nokadyna hüjüm etmeginiň netijesinde döräpdir.

Bu hüjümden iki hepde ozal “Talybanyň” janyndan geçen bombaçy söweşijisi polisýa bölümine hüjüm edip, dört polisiýa işgärini ýaralapdy.

Pakistanyň harbylary Demirgazyk Waziristan regionynda 2014-nji iýylyň iýun aýynda “Talybana” we beýleki söweşijilere garşy giň göwrümli operasiýa başladylar.

XS
SM
MD
LG