Sepleriň elýeterliligi

Yslamabad Omaryň ölümini tassyklap bilmedi


Pakistanyň Daşary işler ministrligi “Talybanyň” lideri Molla Muhammad Omaryň ölümi baradaky maglumat boýunça 30-njy iýulda ilkinji resmi beýannama ýaýradyp, Yslamabadyň bu maglumaty tassyklap ýa-da ret edip bilmejegini mälim etdi.

Ministrligiň metbugat-wekili Kazi Khalilullahyň Yslamabatda geçirilen metbugat-konferensiýasynda aýtmagyna görä, pakistan resmileri 29-njy iýulda Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghaniniň edarasynyň Omaryň ölendigi barada eden beýannamasyny heniz derňeýändigini aýtdy.

Owganystanyň Howpsuzluk boýunça milli edarasy öz maglumatynda Mola Omaryň Karaçiniň keselhanasynda “düşnüksiz ýagdaýlaryň” netijesinde ölendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG