Sepleriň elýeterliligi

Pakistan Omaryň ölümini tassyklamaýar


Owganystanyň Milli howpsuzlyk direktorlugynyň beýanatynda Molla Omaryň Karaçide ölendigi aýdylýar.

Owganystanyň Milli howpsuzlyk direktorlugynyň beýanatynda Molla Omaryň Karaçide ölendigi aýdylýar.

Pakistanyň Daşary işler ministrligi owgan hökümeti bilen «Talybanyň» wekilleriniň arasynda 31-nji iýula planlaşdyrylan gepleşikleriň, «Talybanyň» lideri Molla Mohammad Omaryň ölüm habary bilen baglylykda, soňa goýlandygyny yglan etdi.

Yslamabadyň 30-njy iýuldaky beýanatynda Kabulyň 29-njy iýulda, Molla Mohammad Omaryň ýogalandygy barada habar ýaýratmagy «näbellilik» döretdi diýilýär we owgan «Talybanynyň» ýolbaşçylarynyň talaby esasynda, gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň soňa goýlandygy aýdylýar.

Şu aralykda «Roýters» we «Al Jazeera» «Talyban» komandirlerine salgylanyp, jeňçi toparyň iň uly şahsyýetleriniň 30-njy iýulda duşuşyp, Molla Ahtar Mohammad Mansury owgan «Talybanynyň» täze liderligine bellemek barada ylalaşandygyny habar berdi.

Mansur «Talyban» delegasiýasynyň 7-nji iýulda, Pakistanda owgan hökümet gepleşikçileri bilen bolan ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygyna gatnaşmagyny gurnady.

Owganystanyň Milli howpsuzlyk edarasy 30-njy iýulda Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna Molla Mansuryň Molla Omaryň ýerine lider bellenendigini tassyklap bilmejegini aýtdy.

Pakistanyň Daşary işler ministrligi 30-njy iýulda «Talybanyň» lideri Molla Mohammad Omaryň ýogalandagy barada çykan habardan soň ilkinji resmi beýanatyny ýaýradyp, Yslamabadyň bu habarlary ne tassyklap, ne-de inkär edip bilýändigini aýtdy.

Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Kazy Halilullah pakistan häkimiýetleriniň Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganiniň edarasy tarapyndan yglan edilen habary, ýagny Omaryň 2013-nji ýylda, Pakistanyň port şäheri Karaçide bir keselhanada, hassalykdan ýogalandygy barada aýdylýanlary entek derňeýändigini aýtdy.

Owganystanyň Milli howpsuzlyk edarasynyň beýanatynda Molla Omaryň Karaçidäki keselhanada, «syrly ýagdaýlar» netijesinde ölendigi aýdylýar.

Pakistanyň Daşary işler ministrligi parahatçylyk gepleşikleriniň soňa goýlandygyny yglan edip, «Talybanyň” ýolbaşçylarynyň parahatçylyk prosesine ygrarly galmaklaryna umyt bildirdi we munuň Owganystanda hemişelik parahatçylygyň orun almagy üçin zerurdygyny belledi.

«Talybanyň» esasy sözçüsi 30-njy iýul güni irden şu hepde «Talyban» wekilleri bilen owgan hökümetiniň gepleşikçileriniň arasynda gepleşikleriň täze tapgyrynyň planlaşdyrylandygyny ret etdi.

«Talybanyň» sözçüsi Zabihullah Mujahid parahatçylyk gepleşikleriniň basym Hytaýda ýa-da Pakistanda geçiriljegi baradaky metbugat habarlaryna salgylanyp, «Talybanyň» gepleşik geçirmeklige ygtyýar berlen syýasy edarasynyň «bu hili prosesden bihabardygyny» aýtdy.

«Talybanyň» sözçüsiniň beýanatynda Molla Omaryň ölümi ýa-da Molla Omaryň ýogalmagy bilen baglylykda «Talybanyň» basdaş fraksiýalarynyň arasyndaky bölünişigiň çuňlaşandygy hakynda hiç zat aýdylmady.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG