Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Berdimuhamedow Putin bilen gepleşdi


30-njy iýulda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Orsýetiň prezidentiniň aparatynyň websahypasynda çap edilen habarda aýdylyşyna görä, gepleşikde esasan Merkezi Aziýanyň howpsuzlygy we durnuklulygy barada gürrüň edilipdir.

Şol bir wagtyň özünde-de iki ýurduň arasynda örän wajyp käbir meseleler barada hem pikir alyşylypdyr.

Bu gepleşigiň haýsy ýurduň baştutanynyň inisiatiwasy bilen geçirilendigi barada häzirlikçe doly maglumat ýok.

XS
SM
MD
LG