Sepleriň elýeterliligi

FIFA: Iordaniýanyň şazadasy Platinä garşy


Ali bin al-Hussein (çepde) we Mişel Platini

Ali bin al-Hussein (çepde) we Mişel Platini

Iordaniýanyň şa maşgalasynyň bir agzasy bolan şazada Ali şeýle diýýär: "FIFA, [ondaky] bolup geçen [negatiw] wakalara dahyly bolmadyk täze bir şahsyýet ýolbaşçylyk etmelidir".

Mişel Platininiň özüni FIFA-nyň geljek ýylyň 26-njy fewralynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda dalaşgär görkezmeginiň yzysüre iki sany garşydaşy ony berk tankyt etdiler.

60 ýaşyndaky UEFA-nyň prezidenti dünýä futbolynyň iň ýokary wezipesini eýelemek üçin öz kandidaturasyny hödürlände korrupsiýa ýesir düşen FIFA-nyň öz taryhynda "täze sahypany" açmagy maksat edinýändigini öňe sürýär.

Şazada Ali: "Platinini saýlamak erbet bolar"

Onuň iki garşydaşy bolan şazada Ali bin al-Hussein bilen Musa Bility metbugata beren beýannamalarynda bu ugurdaky öz garaýyşlaryny şeýle beýan edýärler: "Platinini saýlamak erbet bolar".

Soňky prezident saýlawynda Blatterä garşydaş bolan şazada Ali "Futbol janköýerleri we oýunçylary has gowy ýolbaşça mynasyp" diýip nygtaýar.

Iordaniýanyň şa maşgalasynyň bir agzasy bolan şazada Ali şeýle diýýär: "FIFA, [ondaky] bolup geçen [negatiw] wakalara dahyly bolmadyk täze bir şahsyýet ýolbaşçylyk etmeli".

Liberiýanyň futbol bileleşiginiň prezidenti Musa Bility bolsa Platini ýaly bir ýolbaşçynyň FIFA-ny "hasam dargatjakdygyny we [bu gurama] haos bilen [diňe] problema" getirip biljekdigini aýdýar.

Ýewropa Platinini goldaýar

Fransiýanyň milli ýygyndy futbol toparynyň owalky kapitany, üç gezek "Ballon d"Or" baýragyna eýe bolan Platini, FIFA prezident saýlanmak babatda çynlakaý mümkinçilige eýe we, belki-de, ol bu ugurda Ýewropa konfederasiýalaryndan goldaw tapar.

Mişel Platini, FIFA agza 209 futbol bileleşiginiň prezidentlerine we ýolbaşçylaryna iberen hatynda "futbolyň janköýerleri üçin irmän-arman iş alyp barjakdygyny" nygtaýar we "Soňky ýarym asyrda FIFA-nyň diňe iki prezidentiniň bolandygyny" ýatladýar.

Platini öz üstüni şeýle ýetirýär: "Üýtgemezlik, çalt özgerýän dünýäde paradoks hasaplanyp bilner. Soňky bolup geçen wakalar hem dünýä futbolynyň geljeginde täze sahypa açmagy we dolandyryş babatda hem täzeçe garaýşy talap edýär".

Mişel Platini bu hatynda UEFA-nyň işlerinde hut özüniň baştutanlygynyň düşümli bolandygyny ýatladýar.

XS
SM
MD
LG