Sepleriň elýeterliligi

"Happy Birthday to You" aýdymy kimiňki?


Illýustrasiýa suraty

Illýustrasiýa suraty

ABŞ-ndan režisýor Jennifer Nelsonuň aklawçylary, dünýäde meşhurlyk gazanan "Happy Birthday to You" aýdymynyň awtorlyk hakynyň bolmandygy barada iňkär edip bolmajak subutnamalar tapandyklaryny öňe sürüpdirler.

"The New York Times" gazetiniň ýazmagyna görä, olar şeýle subutnamalary 29-njy iýulda boljak sud diňlenşiginde aýan edipdirler.

Aklawçylaryň pikrine görä, ol aýdym 1922-nji ýyldan bäri bu jemgiýetiň eseri hasaplanýar.

Bäş ýüz sahypalyk subutnama ýygnan aklawçylar 1927-nji ýylda aýdymyň sözleriniň birugsat üýtgedilendigini hem äşgär edipdirler.

"Happy Birthday to You" aýdymynyň kanuny eýesi "Warner Music Group" konsernidir. Konsern her ýyl bu aýdymyň kinofilmlerde we teleýaýlymlarda ulanylmagyndan 2 million dollar girdeýji gazanýar.

Nelsonuň aklawçylary konserniň aýdyma bikanun ýagdaýda eýeçilik edýändigini bildiripdir. "Warner Music Group" bolsa häzirlikçe bu mesele barada hiç hili garaýyş beýän etmändir.

Jennifer Nelson "Warner Music Group" konsernini 2013-nji ýylda hem kazyýete beripdir. Öz surata düşüren kinofilminde "Happy Birthday" aýdymyndan peýdalanan režisýor kazyýete käbir subutnamalar hödürlänem bolsa, soň konserne 1,5 müň dollar tölemeli bolupdyr.

"Warner Music Group" konsernini "Happy Birthday" aýdymyny 1988-nji ýylda "Birchtree Ltd" firmasyndan 25 million dollara satyn alypdyr.

Bu aýdym 1893-nji ýylda Luiswillde mugallyma bolup işleýän terbiýeçi uýalar Mildred J. Hill we Patty Smith Mill tarapyndan düzülipdir.

Aýdymyň ilkinji ady "good Morning to All" ekeni. Uýalar bu aýdym bilen okuwa täze gelen okuwçylary garşy alypdyrlar. Soň bu aýdym bütün dünýä boýunça doglan güni aýdymyna öwrülipdir.

XS
SM
MD
LG