Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netanýahu hüjümi ýazgardy


Benjamin Netanýahu
Benjamin Netanýahu

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu 31-nji iýulda palestin çagasynyň ölümine sebäp bolan we ýewreý ekstremistleriniň amala aşyrandygy aýdylýan ýangynyň “terrorçylykly hüjüm” bolandygyny aýtdy.

Ysraýylyň polisiýasy Günbatar Kenarda Nablus şäheriniň golaýyndaky Duma obasyndaky ýangyna ýewreý ekstremistleriniň “milletçilik sebäpli” baş goşan bolmagynyň güman edilýändigini atdy.

Howpsuzlyk resmileri dört ýewreý ýaşaýjynyň jaýy otlamakdan öň onuň diwaryna “ar almak” diýen şygary ýazyp, soň goňşy ýewreý obasyna gaçyp gidendigini aýdýarlar.

Netanýahu “Ysraýyl terrorizme garşy göni çäre görýär, jenaýatçynyň kimdigi tapawut etmeýär” we bu hüjümçileri jogapkärçilige çekmek ugrunda ähli zadyň ediljegini aňladýar, diýdi.

Günbatar Kenardaky ýaşaýyş ýerleriň daşynda ýokary dartgynlylyk saklanýar, ýewreý ekstremistli Ysraýylyň Ýokary sudy tarapyndan bikanun diýlip kesgitlenen iki jaýyň ýumrulmagyna garşy çykyş edýärler.

XS
SM
MD
LG