Sepleriň elýeterliligi

2022 Gyşky Olimpiadasy Pekinde geçiriler


Gyşky olimpiýa oýunlarynyň baýdaklary, 2014

Gyşky olimpiýa oýunlarynyň baýdaklary, 2014

2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde Hytaýyň paýtagty Pekin saýlandy.

Halkara Olimpiýa komitetiniň 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiadasynyň geçiriljek ýerini saýlamak boýunça geçiren ses berişliginde Pekiniň we Almatynyň arasynda bäsdeşlik gidipdi.

31-nji iýulda Malaýzianyň Kuala Lumpur şäherinde geçirilen syrly ses berişlige Halkara olimpiýa komitetiniň 85 agzasy gatnaşdy.

2008-nji ýylyň Tomusky olimpiýa oýunlaryny geçiren Pekiniň saýlanmagy onuň tomusky we gyşky oýunlary geçirýän ilkinji şäher boljagyny aňladýar.

Gazagystanyň Almaty şäheri saýlanan ýagdaýynda Merkezi Aziýada Olimpiýa oýunlaryny geçirýän ilkinji şäher bolup bilerdi.

XS
SM
MD
LG