Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG ýabany tebigaty goraýar


BMG-niň Baş Assambleýasy ýabany tebigata degişli bikanun söwda garşy göreşe niýetlenen ilkinji rezoýuliýasyny kabul etdi.

Ýabany tebigat bilen bagly bikanun söwdanyň öňüni almak boýunça rezolýusiýa 30-njy iýulda guramanyň 193 agzasy tarapyndan ylalaşyldy. Ol ýuridiki taýdan hökmany hasaplanylmaýar. Emma onuň giň derejede goldanmagy dünýäde ýabany haýwanlaryň we ösümlikleriň gaçakçylygyna aladalanmalaryň güýçlenýändigini görkezdi.

Gabon we Germaniýa tarapyndan öňe sürlen bu çäre arkaly ähli ýurtlara “ýabany tebigatyň bikanun söwdasynyň öňüni almak, garşy göreşmek, we ony aradan aýyrmak boýunça milli derejede düýpli ädimleriň ädilmegine” ündew edilýär.

XS
SM
MD
LG