Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talybanyň" täze lideri garşylyga duçar


“Talybanyň” öňki lideri Molla Mohammad Omaryň ýakyn kömekçisi söweşiji toparyň täze saýlanan lideriniň güýçli oppozisiýa bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy.

1996-2001-nji ýyllaryň aralygynda “Talybanyň” Owganystany dolandyran döwründe awiasia ministri bolan Molla Akhtar Mohammad Mansur “Talyban” 30-njy iýulda Molla Omaryň ölümini tassyklansoň täze lider hökmünde yglan edildi.

Emma “Talybanyň” häkimiýeti astynda Kandaharyň häkimi bolan Molla Mohammad Hassan Rahmani AÝ/AR-sy bilen söhbetdeşliginde Mansuryň oppozisiýa garamazdan, “Talyban” liderleriniň diňe kiçi topary tarapyndan saýlanandygyny aýtdy.

Rahmani özüniň we öz toparynyň Molla Omaryň 23 ýaşly ogly Mawlawi Yakubyň saýlanmagyny isländigini habar berdi.

Şeýle-de Rahmani “Talybanyň” çäginde owgan hökümeti bilen parahatçylyk ugrundaky gepleşikler boýunça gapma-garşylygyň bolmandygyny aýtdy. Gepleşikler Molla Omaryň ölümi bilen bagly habardan soň yza tesdirilipdi.

XS
SM
MD
LG