Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban”: täze lider boýunça gapma-garşylyklar


"Talyban" molla Ahtar Mohammad Mansury toparyň nobatdaky baştutany saýlanandygyny habar berdi.
"Talyban" molla Ahtar Mohammad Mansury toparyň nobatdaky baştutany saýlanandygyny habar berdi.

“Talyban” hereketiniň ozalky lideri Molla Muhammad Omaryň ýakyn ýaranlarynyň biri bu topara baştutan bellenen täze şahsyýet babatynda hereketiň öz içinde käbir gapma-garşylykly garaýyşlaryň bardygyny aýtdy.

30-njy iýulda Molla Omaryň ölümini tassyklan "Talyban" 1996-2001-nji ýyllarda bu radikal hereket Owganystany dolandyran döwründe ýurduň awiasiýa ministri bolan molla Ahtar Mohammad Mansuryň ”Talybanyň” nobatdaky baştutany saýlanandygyny habar berdi.

Emma “Talybanyň” häkimiýeti döwründe ýurduň Gandagar welaýatynyň häkimi bolan molla Mohammad Hassan Rahmani Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugy bilen söhbetdeşliginde Mansuryň toparyň diňe käbir az sanly liderleri tarapyndan baştutanlyga saýlanandygyny aýtdy.

Rahmani Mansuryň bu wezipä bellenmegine garşy beýleki täsirli komandirleriň, şol sanda molla Abdurazigiň we molla Abdul Kaýym Zakeri dagylaryň garşy çykýandygyny aýtdy.

Rahmani özüniň we öz tarapdarlarynyň merhum Molla Omaryň 23 ýaşly ogly Mawlawi Ýakubyň “Talybanyň” täze lideri saýlanmagyny isleýändiklerini aýtdy. Emma bu wezipä Mansury saýlanlar Molla Omaryň ogly Ýakubyň ”Talyban” hereketine baştutanlyk ederden entek has ýaşdygyny aýdýarlar.

Rahmani owgan hökümeti bilen alnyp barylýan ýaraşyk gepleşikleri babatynda toparyň öz içinde hiç hili gapma-garşylyklaryň ýokdugyny aýtdy. Bu gepleşikler Molla Omaryň ölüminden soň yza süýşürilipdi.

Mundan öň Pakistanyň Daşary işler ministrligi owgan hökümeti bilen “Talyban” hereketiniň wekilleriniň arasyndaky 31-nji iýula planlaşdyrylan gepleşikleriň – Molla Omaryň ölümi baradaky habar zerarly - gaýra goýlandygyny yglan edipdi.

30-njy iýulda ýaýradylan beýanatda Molla Omaryň ölendigi baradaky maglumatyň geljekki gepleşikler ykbaly babatynda “nämälimligi” döredýändigi aýdylýar.

Käbir maglumatlarda “Talyban” hereketiniň has aram liderleriniň ýaraşyk gepleşikleriniň tarapynda çykyş edýändigi, berk pozisiýadan çykyş edýänleriň bolsa 14 ýyl bäri alnyp barylýan uruş hereketleriniň dowam etdirilmeginiň tarapyny tutýandyklary aýdylýar.

XS
SM
MD
LG