Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Konstitusiýa düzediş makullandy


Wasyl Bryntsew (ç) we Konstitusion suduň sudýasy (s), Kiýew, 31-nji iýul, 2015

Wasyl Bryntsew (ç) we Konstitusion suduň sudýasy (s), Kiýew, 31-nji iýul, 2015

Ukrainanyň Konstitusion sudy ýurt häkimiýetiniň merkezi dolandyryşa bagly bolmazlygyna degişli düzedişleriň taslamasy baş kanuna ters gelmeýär, diýen karara geldi.

Konstitusion suduň başlygynyň orunbasary Wasyl Bryntsew 31-nji iýulda eden çykyşynda Konstitusiýa düzedişleri girizmek baradaky kanunyň taslamasy “Ukrainanyň Konstitusiýasynyň 157-nji we 158-nji maddalaryna laýyk gelýär” we “Ukrainanyň territorial bütewüligine hem garaşsyzlygyna garşy çykmaýar’ diýdi.

Ukrainanyň kanun çykaryjylary prezident Petro Poroşenkonyň teklip eden konstitusion düzedişlerini Konstitusion suda ýollamak üçin ses berdiler.

XS
SM
MD
LG