Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak kürtleri Türkiýäni oňşuga çagyrýar


Yragyň kürt awtonom regiony, Türkiýäniň golaýda demirgazyk Yrakdaky radikal kürt lagerlerine howa zarbalaryny urmagy bilen bagly aladasyny bildirip, 31-nji iýulda iki tarapy hem ýaraşyga dolanyp gelmäge çagyrdy.

Kürdüstanyň daşary gatnaşyklar edarasynyň ýolbaşçysy Falah Mustafa Bakir Waşingtona saparynda Kürdüstan işçiler partiýasyny, PKK-ny türk häkimiýetleri bilen gowuşgynsyz ýaraşykdan çykmagy sebäpli tankyt etdi.

Emma ol PKK-ni bombalamagyň çözgüt ýa çykalga däldigini hem sözüne goşdy.

"Biz bu hili problemalaryň harby çözgüdiniň ýokdugyna ynanýarys, öňe süýşmegiň iň gowy ýoly parahatçylyk we gepleşiklerdir» diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de Bakir yraklylaryň «iki tarapyň arasynda galandygyny» belledi.

XS
SM
MD
LG