Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aklawçy Putini aýyplaýar


KGB-niň ozalky agenti Aleksandr Litwinenkonyň aýalynyň aklawçysy 31-nji iýulda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini Litwinenkonyň öldürilmegini buýurmakda we rus häkimiýetlerini bu ölümiň sebäpleriniň derňelmegine päsgelçilik döretmekde aýyplady.

Aklawçe Ben Emmerson Londonyň adalat boýunça patyşalyk sudunda, bu iş boýunça britan derňewiniň diňlenişiginiň soňky gününde çykyp gürledi.

Ol Liwinenkonyň Putin bilen guramaçylykly jenaýatyň arasyndaky baglanyşygy açyp görkezjegi üçin «rus döwletiniň duşmany hasaplanandygyny we ýok edilmeli edilendigini» aýtdy.

Emmerson Moskwanyň şu sebäpden derňewe päsgelçilik döredendigini we hyzmatdaşlykdan ýüz öwrendigini aýtdy.

Britan polisiýasy Litwinenkonyň ölüminde iki orsýetlini, Dmitriý Kowtuny we Andreý Lugowoýy aýyplaýar we olaryň bu işi Kremldäki elementleriň howandarlygynda amala aşyrandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG