Sepleriň elýeterliligi

Barzani PKK-ni Yrakdan çykmaga çagyrýar


 Masud Barzani

Masud Barzani

Yragyň Kürt regionynyň prezidenti Masud Barzani Kürdüstan işçiler partiýasynyň, PKK-niň jeňçilerini demirgazyk Yrakdan çykmaga çagyrdy, ol munuň Türkiýäniň howa zarbalarynyň asuda adamlaryň ölümine sebäp bolmagynyň öňüni almak üçin zerurlykdygyny aýdýar.

Barzaniniň edarasy bu beýanaty 1-nji awgustda, Türkiýäniň demirgazyk Yrakdaky PKK lagerlerine garşy uran howa zarbalary Zarkel obasynda, awtonom Kürt regionynyň paýtagty Erbiliň gündogarynda azyndan alty adamy öldüreninden soň çap etdi.

Bu beýanat Falah Mustafa Bakiriň 31-nji iýulda Waşingtonda Türkiýe bilen PKK-ny ýaraşyga çagyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Kürdüstanyň daşary gatnaşyklar edarasynyň ýolbaşçysy Falah Mustafa Bakir Waşingtona saparynda Kürdüstan işçiler partiýasyny, PKK-ny türk häkimiýetleri bilen gowuşgynsyz ýaraşykdan çykmagy sebäpli tankyt etdi. Şeýle-de ol PKK-ni bombalamagyň çözgüt ýa çykalga däldigini aýtdy.

"Biz bu hili problemalaryň harby çözgüdiniň ýokdugyna ynanýarys, öňe süýşmegiň iň gowy ýoly parahatçylyk we gepleşiklerdir» diýip, ol aýtdy.
Şeýle-de Bakir yraklylaryň «iki oduň arasynda galandygyny» belledi.

"Bu bize negatiw täsir ýetirdi, sebäbi bobmalanýan Kürdüstanyň daglyk serhet ýerleri bolup durýar” diýip, ol aýtdy. «Adamlar ýaşaýan ýerlerinden başga ýere geçirildi, adamlar ýaralandy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Kürdüstan hökümeti eýýämden, Türkýäniň söweşi başlanmazyndan öň, «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň günbatar Yrakdaky hökmürowanlygyndan gaçan bosgunlara ýardam etjek bolup çytraşýardy.

Emma Mustafa Türkiýäni açyk tankyt etmekden seresap boldy. Yragyň Bagdatdaky merkezi hökümeti şu hepdäniň başynda Türkiýäniň PPK-ä urýan howa zarbalaryny, «Yragyň özbaşdaklygyna hüjüm hökmünde», ýazgaryp çykyş etdi.

Türkiýäniň pozisiýasy

Türkiýe öz howa zarbalarynyň kürt jeňçi toparlary tarapyndan nyşana alnan we tapgyrlaýyn öldürilen polisiýa ofiserleri we esgerleri üçin ar alyşdygyny aýdýar.

Türkiýäniň kürt toparlaryna garşy täzeden söweşe başlamagy Birleşen Ştatlary hem oňaýsyz ýagdaýda goýdy.

Birleşen Ştatlar PKK-ä garşy zarbalary goldady. Waşington Yrakdaky we Siriýadaky kürt güýçlerine ABŞ-nyň YD-a garşy söweşdäki ýakyn ýarany hökmünde seredýän hem bolsa, PKK-ni terror topary diýip atlandyrýar.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aş Karter geçen hepde regionyň paýtagty Erbile sapara baranda, kürt regionynyň howpsuzlyk güýçleri bolan peşmergäni YD-ny ýeňmek üçin zerur bolan goşunyň bir nusgasy hökmünde taryp etdi.

Munuň üstesine ol şol kürt güýçleriniň käbiriniň, aýdylmagyna görä, Türkiýe tarapyndan bombalanýan lagerlerde tälim alandygyny belledi.

Kürtleriň tutuş regionda, Siriýada, Türkiýede, Yrakda we Eýranda azlyk durumynda bolmagy strategiki taýdan gümürtik we ot-uçgunly bir ýagdaý döredýär.

Kürt döwleti meselesi

PPK-niň özbaşdak kürt döwleti ugrundaky söweşi köpüsi has giň awtonomiýa isleýän jemgyýetleriň içinde giň seslenme tapýar.

Kürtler diňe Yrakda, 1990-njy ýyllaryň başynda gurlan awtonom dolandyryşa eýe boldular. Bu region Türkiýäniň kürt regionlary bilen-de, kürtleriň YD-a garşy söweşde gazanan netijeleri hökmünde, Siriýanyň demirgazyk-gündogary bilen-de serhetleşýär.

Türkiýedäki oppozisiýa toparlary kürt lagerlerine edilýän hüjümleriň, azyndan, kürtleriň YD-a garşy söweşleri ýurduň serhedinde özbaşdak kürt döwletiniň döremegine alyp geler diýen aladalar bilen baglydygyny aýdýarlar.

Türkiýäniň PKK-ä eden hüjümleri onuň YD-a garşy uran ilkinji howa zarbalary we Ankaranyň öz howa bazasyny ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda jeňçi sünni toparyna garşy döredilen koalisiýa üçin açmak barada gelen karary bilen gabat geldi.

Bakir şu hepde Waşingtonda ABŞ resmileri bilen duşuşykda özüne Birleşen Ştatlaryň Türkiýe bilen ylalaşygynyň diňe YD-a garşy söweşde güýçleri birleşdirmekden ugur alýandygynyň, munuň PKK-äni içine almaýandygynyň ynandyrylandygyny aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annugurban.

XS
SM
MD
LG