Sepleriň elýeterliligi

"Talyban" Hakkaniniň ýogalany 'ýalan' diýýär


Jalaluddin Hakkani (sagda), 2001 ý.

Jalaluddin Hakkani (sagda), 2001 ý.

«Talybanyň» 1-nji awgustda çap eden resmi beýanatynda Pakistanyň mediasynda «Hakkani» guramasyny esaslandyryjynyň ýogalandygy barada çykan habarlar ret edildi.

Pakistan metbugaty «Talyban» we «Al-Kaýda» jeňçi toparlary bilen ilteşikli guramanyň lideriniň bir ýyl çemesi ozal ölendigini habar berýär. Bu gurama Owganystanda käbir iň ganly kast ediş hüjümlerinde günälenipdi.

«Talybanyň» köp sanly ynamdar çeşmeleri Maşal radiosyna, Azatlygyň Pakistan gullugyna, “Dawn» gazetine, GEO-TV-ä we Pakistandaky beýleki habar serişdelerine 31-nji iýulda Jalaluddin Hakkaniniň 2014-nji ýylda hassalykdan ýogalandygyny we Owganystanyň günorta-gündogarynda, Host welaýatynda, owgan-pakistan serhediniň golaýynda jaýlanandygyny aýtdylar.

70 ýaşyndaky Hakkani soňky ýyllarda keselli diýip bilinýärdi we öz jeňçi toparynyň gündelik kontrollugynyň aglaba bölegini ogluna, Sirajuddin Hakkanä tabşyrypdy.

1-nji awgustda «Talybanyň» resmi websaýtynda peýda bolan beýanatda jeňçi topar Hakkaniniň ölümi baradaky habarlaryň «esasynyň ýokdugyny» aýtdy.

Onda şeýle diýilýär: “Hakkani... ozal näsagdy, emma ol hudaý halap gutuldy we şondan soň indi, esli wagt bäri onuň saglyk aladasy ýok."

«Roýters» 31-nji iýulda onuň maşgala agzalarynyň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy we olar Hakkaniniň şindi diridigini aýdyp, aýak depdi.

Ýakyn garyndaşlarynyň biri bolsa, «onuň garrandygyna we dürli kesellerden ejir çekýändigine şübhe ýok» diýdi.

Emma bir maşgala agzasy «Roýterse» onuň ölümi baradaky habarlar dogry diýdi.

Ol Hakkaniniň 2013-nji ýylyň başynda, beýnisine gan inmeginden ölendigini we Host welaýatynyň Zadran töwereklerinde jaýlanandygyny aýtdy.

Jalaluddin Hakkaniniň ölümi baradaky habarlar owgan «Talybany» öz lideri Molla Mohammad Omaryň «biraz öň keselçilikden ölendigini» tassyklanyndan bir gün soň ýaýrady.

Onuň ölümi jeňçi toparyň içindäki basdaş fraksiýalaryň arasyndaky bölünişigi çuňlaşdyrdy.

Molla Omaryň 26 ýaşyndaky ogly Ýakuby goldaýan komandirler "Talybanyň" Molla Ahtar Mansury täze lider bellemek baradaky beýanatyny ret etdiler.

«Hakkani» guramasy owgan-pakistan serhediniň iki tarapynda hem hereket edýär.

Ol «Talyban» bilen 1996-njy ýylda, olar Kabuly ele geçirip, hakakatda Owganystana kontrollugy ýola goýanda ýaran boldy.

Jalaluddin Hakkani «Talyban» režiminiň tire-taýpalar ministridi.

Ol 2001-nji ýylyň aýagynda, Birleşen Ştatlar Owganystana goşun salyp, «Talybanyň» hökümetini agdaranyndan soň Pakistana gaçdy.

Ekspertleriň köpüsiniň ynanjyna görä, Hakkani we onuň milisiýa söweşijileri "Al-Kaýdanyň" lideri Osama bin Ladeniň 2001-nji ýylyň aýagynda Owganystandan Pakistana, howpsuz ýere gaçmagyna hem kömek etdi.

Hakkaniniň jeňçi guramasy 1970-nji ýyllaryň ortalarynda Owganystanda döredi we, 1980-nji ýyllarda sowetleriň Owganystandaky urşy mahalynda, ABŞ-nyň we Pakistanyň Aňtaw agentliginiň goldawyny aldy.

Osama bin Laden Hakkani tarapyndan, Owganystanda daşary ýurt söweşijisi hökmünde, urşa çekildi we sowetlere garşy uruşmak üçin tälim aldy.

Hakakatda, «Hakkani» guramasynyň «Al-Kaýda» bilen gatnaşyklary «Al-Kaýdanyň» esaslandyrylan senesinden uç alýar.

Emma «Al-Kaýdanyň» salafist maksatlary global häsiýete eýe bolsa, «Hakkani» guramasynyň gün tertibi diňe Owganystana we Pakistanyň puştun tire sebitlerine gönükdirilen.

Hakkaniniň ogly Sirajuddin Birleşen Ştatlaryň dünýä boýunça gözleýän terrorçylarynyň sanagyna girizilen we Waşington onuň tutulmagy üçin 10 million dollar baýrak teklip edýär.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annugurban.

XS
SM
MD
LG