Sepleriň elýeterliligi

Kerri Ýakyn Gündogar saparyna başlaýar


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri 1-nji awgustda, regional saparynyň başynda Kaire geldi, onuň Eýran we terrorizme garşy göreş meselesine üns bermegine garaşylýar.

Müsüriň döwlet mediasy Kerri bilen onuň müsürli kärdeşi Sameh Şukriniň Müsüriň Sinaý ýarymadasyndaky anti-terror kampaniýasy barada maslahat etmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Kerri 3-nji awgustda Doha baryp, Aýlak Hyzmatdaşlyk geňeşiniň agza döwletleriniň wekilleri bilen duşuşar.

Bu duşuşykda aýlak döwletleriniň Eýran bilen gol çekilen ýadro ylalaşygyndan soňky howatyrlary barada maslahat edilmegine garaşylýar.

Aýlak döwletleriniň köpüsi, Wenada gol çekilen ýadro ylalaşygyndan soň, özleriniň Tähranyň regiondaky ambisiýalaryndan alada galýandyklaryny bildirdiler.

Şeýle-de Kerri Katarda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşar.

XS
SM
MD
LG