Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylda ýigrenje garşy ýygnanyşyk geçirildi


1-nji awgustda müňlerçe ysraýylly ýigrenç jenaýatyna garşy ýörişe çykdy, bu çäre ýewreý ekstremistleriniň golaýda palestinalylary we gomoseksuallary nyşana almagynyň yz ýanyndan geçirilýär.

30-njy iýulda bir aşa dinçi ýewreý Ýerusalimde guralan geý paradyna gatnaşýanlaryň altysyny pyçaklady, Günbatar Kenarda bolsa, güman edilýän ýewreý hüjümçileri palestinalynyň jaýyna ot berip, ukuda ýatan 18 aýlyk çagany öldürdi, onuň ene-atasyny we 4 ýaşly doganyny ýaralady.

Tel Awiwde guralan ýörişe 2 müň çemesi adam, şol sanda ölen bäbegiň daýysy gatnaşdy.

Prezident Reuven Rivlin Ýerusalimde, geý paradyna gatnaşyjylaryň pyçaklanan ýerine toplanan ýüzlerçe adama ýüzlenip, «Biziň ýurdumyza ýigrenç uçguny ýaýrady, zorluk uçguny ýaýrady, ýigrenç, galp we ýoýlan ynançlaryň uçguny ýaýrady» diýdi.

Ysraýylyň beýleki şäherlerinde hem kiçiräk ýygnanyşyklar guraldy.

XS
SM
MD
LG