Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýemeniň premýer-ministri Haled Bahah 1-nji awgustda Saud Arabystanyndan, bosgunlykdan Ýemeniň günorta port şäheri Adene dolanyp geldi.

Bahah ýurduň bosgunlykdaky hökümetiniň iýulda ýerli huti pitneçileri bilen söweş turaly bäri ýurduna dolanan iň uly resmisidir.

Aden aeroportundaky resmiler Bahahyň ýerli wagt bilen günortan gelendigini aýtdylar.

Saud Arabystanynyň telewideniýesi Ýemeniň wise-prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Bahah bilen bilelikde hökümet agzalarynyň ýene birnäçesiniň Adene gelendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG