Sepleriň elýeterliligi

«The New York Times» 1-nji awgustda ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýdeniň geňeşçileri bilen demokratlaryň prezidentlige kandidaty bolup, Hillari Klinton bilen bäsleşmek barada maslahat edýändigini habar berdi.

Gazetiň ýazmagyna görä, Baýdeniň topary Klintona o diýen gol ýapmaýan ýa-da onuň ýeňjegine kän ynanmaýan demokratlar, donorlar bilen maslahat edýär.

72 ýaşyndaky Baýden bu meseldäki kararyny tomsuň soňunda aýtjagyny bildiripdi.

«Times» gazetiniň žurnalisti Maurin Dowdyň ýazmagyna görä, Baýdeniň beýni yragyndan ýogalan ogly Beau Baýden kakasyny bäsleşige çykmaga hujuwlandyrypdyr.

Ak tam Baýdeniň planlary barada düşündriş bermedi.

XS
SM
MD
LG