Sepleriň elýeterliligi

Putin güýmenjesini köpeldýär


Putin 2012-nji ýylda motorly deltapalan uçaryna atlanyp, howp abanan durnalara ýol tapyşdy.

Putin 2012-nji ýylda motorly deltapalan uçaryna atlanyp, howp abanan durnalara ýol tapyşdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, rus mediasynyň maglumatlaryna görä, hereket adamsy. Ol gezelençde bolmagy gowy görýär. Bir gün ol ýabany haýwanlary halas etmek bilen meşgul bolsa, ýene bir gün söweş uçarynda asmana göterilýär, başga bir gün bolsa çuň deňziň düýbine çümýär.

Indi Putin öz güýmenjeleriniň hataryna arheologiýany hem goşana meňzeýär.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, «Izwestiýa» gazetiniň we beýleki rus neşirleriniň ýazmagyna görä, indiki hepde anneksiýa edilen Krym ýarymadasyna guralýan arheologiki ekspedisiýa gatnaşmakçy bolýar.

Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow 31-nji iýulda “RIA-Novosti» habar gullugyna entek bu habary tassyklap bilmejegini aýtdy. Emma muňa garamazdan, Peskow hakykatda bu habaryň baş çeşmesi bolupdy, ýagny ol 29-njy iýulda žurnalistlere prezidentiň bu niýetini syzdyran resmidi.

«Izwestiýa» gazetiniň ýazmagyna görä, Putin Kryma Orsýetiň Geografiýa jemgyýetiniň egidasy astynda syýahat eder.

Rus gazeti bu ekspedisiýanyň detallarynyň gizlinlikde saklaýandygyny, emma onuň taryhy Ýüpek ýolunyň boýlaryndaky arheologiki ýerlere, Gara deňizdäki gadymy gämi heläkçiliginiň bolan ýerlerine gönügjegini ýazýar.

Putin, elbetde, munuň ýaly syýahata ilkinji gezek gatnaşmaýar.

2014-nji ýylda ol orsýetli we hytaýly ekologlaryň bilelikdäki toparyna goşulyp, Amur derýasynyň golaýynda gaplaň çaglaryny halas etmäge gatnaşdy.

2013-nji bolsa ol Orsýetiň Geografiýa jemgyýetine goşulyp, 19-njy asyrda Fin aýlagyna syýahat eden rus gämisiniň çöken ýerine baryp gördi.

2012-nji ýylda bolsa Putin, motorly deltapalan uçaryna atlanyp, ýitip ýok bolmak howpy abanan durnalaryň Sibirden Eýrana, Hindistana tarap ýollaryny tapmagyna kömek berdi.

Şeýle-de Wladimir Putin, 2011-nji ýylda, premýer-ministr wagty, Gara deňziň düýbüne çümende, iki sany gadymy grek küýzesiniň «üstünden bardy». Soň Peskow bu wakanyň sahnalaşdyrylandygyny, ýagny öňünden taýýarlanandygyny boýun aldy.

"Olar birnäçe hepde ozal geçirilen ekspedisiýa mahalynda tapyldy» diýip, Peskow aýtdy. «Elbetde, olar soň şol ýerde galdyryldy ýa-da goýuldy. Bu doly kadaly zat, ýagny edilýän bir iş.»

Putin 2010-njy ýylda Arktikada Franz Jozefiň ýerine sapar edip, derman berlen, ýagny çalajan ýagdaýdaky polýar aýysyna nogta geýdirdi. «Kommersant» neşiri soň alymlaryň ol aýyny on günläp ýesirlikde saklap, premýer-ministriň saparyna taýýarlandyklaryny habar berdi.

2009-njy ýylda bolsa Putin suw astyna çümülýän «Mir» çümüş transportynda Baýkal kölüniň düýbine syýahat etdi.

Eger Putin Ýüpek ýoly ekspedisiýasyny gatnaşsa, bu onuň Orsýet Ukrainanyň Gara deňiz ýarymadasyny 2014-nji ýylyň martynda anneksiýa edeli bäri Kryma edýän üçünji sapary bolar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG