Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň 3 esgeri öldürildi


Kürt jeňçileri janyndan geçen bombaçynyň hüjümi netijesinde iki türk esgerini öldürmekde we onlarça adamy ýaralamakda aýyplandy.

Bu hadysa Türkiýäniň günortadaky Agri welaýatynda, 2-nji awgustda, ir säher boldy.

2-nji awgustda günorta-gündogardaky Mardin welaýatynda hem, güman edilýän PKK hüjüminde bir türk esgeri öldürildi, ýedisi bolsa ýaralandy.

Ankara golaýda demirgazyk Yrakdaky PKK hem «Yslam döwleti» jeňçilerine garşy howa zarbalaryny urmaga başlap, aýdylmagyna görä, 260 çemesi PKK agzasyny öldürdi.

XS
SM
MD
LG