Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Polisiýa alban sportçysyny gözleýär


Los Angelesiň polisiýasy ýörite Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan albaniýaly sportçyny tapmak üçin jemgyýetçilikden kömek sorady.

44 ýaşly Andi Gusmarini soňky gezek 31-nji iýulda sportsmenleri myhman alan Günorta Kaliforniýanyň umumy ýaşaýyş şäherçesinde gördüler.

Polisiýa bowling boýunça sportsmen Gusmarininiň “Albaniýa” diýen ýazgyly gyzyl reňkli köýnege geýnendigini we onuň iňlisçe bilmeýändigini habar berdi.

Ýorite Olimpiýa oýunlary 25-nji iýulda başlanyp, 2-nji awgustda tamamlandy. Oýunlarda fiziki taýdan şikesli 6500 çemesi sportçy 25 sport görnüşi boýunça bäsleşdi.

XS
SM
MD
LG