Sepleriň elýeterliligi

Nokia täze enjamyny tanatdy


"Nokia OZO WR" enjamy.

"Nokia OZO WR" enjamy.

Nokia firmasy birnäçe gün mundan owal öz tizara gurnajak tanadyş çäresine çakylyklary ýollapdy. Firma çakylyk hatlarynda planlaşdyrylýan çärede täze bir enjamyň tanadyljakdygyny habar beripdi. Uly gyzyklanma bilen garaşylan şol enjam indi tanadyldy.

Esasy maksat film önümçiligidir

Nokia OZO WR atly wirtual reallyk enjamyny halk köpçüliginiň dykgatyna hödürläpdir.

Firma täze enjam bilen kinofilmleriň senarisini ýazýanlary we ylaýta-da film önümçiligini özüne çekmek isleýär. Täze enjam 8 sany obýektiwi we 8 sany mikrofony bilen 360 derejede bütin daş töwereginiň wideolaryny surata düşürip bilýär.

"Nokia OZO WR" enjamynyň surata düşüren wideolary 3D äýnekler bilen dessine we jikme-jik görlüp bilýär. Täze enjam, beýleki kamera ulgamlaryna görä, ulanmaga has amatly görnüşde ýasalypdyr.

Ýylyň ahyrynda satuwa çykarylar

Firmanyň metbugat beýannamasynda şeýle diýilýär: "Wirtual reallyk ýakyn geljekde adamlaryň maglumat alyş-çalşygyny, dynç alşyny, habarlary we özara gatnaşyklaryny baýlaşdyrar diýip umyt edýäris. Biz OZO enjamy bilen bu özgerişlige esasy goşandy goşmagy maksat edindik".

Häzirlikçe bahasy aýan edilmeýän täze enjamyň 2015-nji ýylyň ahyrynda satuwa çykaryljakdygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG