Sepleriň elýeterliligi

Maryda gawun bäsdeşligi geçdi


Gawun hasyly, iýul, 2015

Gawun hasyly, iýul, 2015

Türkmenistanyň gawun baýramynyň öňüsyrasynda Mary şäherinde bossan önümlerini ýetişdirýän daýhanlaryň arasynda bäsdeşlik geçirildi.

Oňa Mary welaýatynyň etraplaryndan 30 çemesi adamyň gatnaşandygy, bäsdeşlige tomaşa etmek üçin baran adamlar üçin gawun-garpyzlary dadyp görmäge mümkinçiligiň döredilendigi habar berildi.

“Altyn gawun”, “Iň uly garpyz” we “Iň uly kädi” ýaly at ugrunda bäsdeşligiň bolandygy habar berildi. Birinji baýraga “Gökje” hojalygyndan Seýitmyrat Annaýew eýe bolup, onuň “Şa gawun” atly önümi 17,5 kilograma we ululugy boýunça 69 santimetre ýetipdir. Iň uly garpyz 27,4 kilogram we iň uly kädi 25,1 kilogram bolupdyr.

Her ýyl awgust aýynyň ikinji ýekşenbe güni geçirilýän gawun baýramy 1994-nji ýylda öňki prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan esaslandyrylypdy. Baýramçylygyň 11-nji ýyl dönüminde “Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen gawuny barada”, diýlen sözbaşyly kitap çap bolupdy.

XS
SM
MD
LG