Sepleriň elýeterliligi

Nalçik: Polisiýa alty söweşijini öldürdi


Orsýetiň häkimiýetleri howpsuzlyk güýçleriniň durnuksyz Demirgazyk Kawkaz regionynyň Kabardino-Balkariýa respublikasynda alty söweşijini atyp öldürendigini habar berdiler.

Terrora garşy milli komitetiniň (NAK) 3-nji awgustda aýtmagyna görä, söweşijiler regionyň paýtagty Nalçikde terrora garşy operasiýanyň çäginde ýaşaýyş jaýda gije gabalypdyr.

Mundan iki hepde ozal howpsuzlyk güýçleri Nalçikde geçiren çäreleriniň dowamynda söweşiji bolmakda güman edilýän alty adamy atyp öldüripdi.

Orsýetiň esasan musulman ilatly Demirgazyk Kawkaz regionynda howpsuzlyk güýçleriniň we yslamçy hereketleriň söweşijileriniň arasynda ýygy-ýygydan çaknyşyklar bolýar.

XS
SM
MD
LG