Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Rublyň hümmeti peseldi


Moskwa, 28-nji iýul, 2015.

Moskwa, 28-nji iýul, 2015.

Orsýet rubly dollar we ýewro babatynda gowşady we mart aýyndan bäri iň pes derejä ýetdi.

3-nji awgustda irden Moskwanyň walýuta çalyşýan nokatlarynda rublyň hümmeti dollara gatnaşykda 62.35 we ýewro gatnaşykda 68.51 derejesine ýetdi.

16-njy martdan bäri ilkinji gezek bir dollaryň bahasy 62 rubldan ýokarlandy.

31-nji iýulda rubl-dollar gatnaşygy 61.7 we rubl-ýewro gatnaşygy 68 diýen görkezijilere barabardy.

Rublyň hümmetiniň pese gamagy adatça nebitiň arzanlamagy bilen bagly bolýar.

XS
SM
MD
LG