Sepleriň elýeterliligi

Kerry Ýakyn Gündogara bardy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry(ç) we Kataryň emiri Şeih Tamim bin Hamad al-Thani, Doha, 3-nji awgust, 2015.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry(ç) we Kataryň emiri Şeih Tamim bin Hamad al-Thani, Doha, 3-nji awgust, 2015.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry Ýakyn Gündogardaky ýaranlaryny Eýran bilen ýadro ylalaşygynyň regiony has howpsuz edip biljekdigine ynandyrmaga synanyşýar.

“Eýran bilen ylalaşygyň doly ýerine ýetirilen ýagdaýynda, munuň Müsüri we regionyň ähli ýurtlaryny häzirkisinden has howpsuz edip biljekdigine sorag ýok”, diýip Kerri Ýakyn Gündogara edýän saparynyň dowamynda 2-nji awgustda Kairde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Dünýäniň iň täsirli ýurtlarynyň we Eýranyň arasynda geçen aýda Wenada gelnen ylalaşykda Tähranyň öz ýadro programmasyny çäklendirmegi we Eýrana garşy halkara sanksiýalarynyň gowşadylmagy göz öňünde tutulýar.

Kerry Aýlagyň hyzmatdaşlyk geňeşiniň alty agza ýurdy bilen 3-nji awgustda başlajak duşuşyklarynda Eýran bilen ylalaşygy maslahat eder.

Şeýle-de Kerry Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir bilen üçtaraplaýyn gepleşik geçirer.

XS
SM
MD
LG