Sepleriň elýeterliligi

Aktobe: Sekiz adam terrorcylykda aýyplandy


Gazagystanyň demirgazyk-günbatar Aktobe şäheriniň sudy sekiz sany ýerli ýaşaýjyny terrorçylygy wagyz etmek bilen baglylykda türme tussaglygyna höküm etdi.

Aktobeniň regional sudunyň metbugat-gullugynyň 3-nji awgustda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, üç we alty ýyl aralygyndaky tussaglyk möhletli iş kesilen adamlar WhatsApp sosial ulgamy arkaly sosial, etnik, jynsparazlyk we dini ýigrenjini tutaşdyrmakda günäli tapylypdyr.

Türmä höküm edilenleriň arasynda iň ýaşy 21 we iň ulusy 38 ýaşlarynda.

Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komiteti ýurduň gündogaryndaky Zyrýanowsk şäherinde ýerli ýaşaýjylary halkara terrorçy guramanyň hataryna çekmek işini amala aşyrmakda güman edilýän zenany saklandygyny habar berdi. Terrorçy guramanyň ady agzalmady.

Gazak resmileri öz raýatlarynyň ýüzlerçesiniň Siriýada we Yrakda yslamçy söweşijileriň düzüminde söweşmegine aladalanma bildirýärler.

XS
SM
MD
LG