Sepleriň elýeterliligi

Krym tatarlary: Krym Ukraina dolanmaly


Krym tatarlarynyň lideri, milli azatlyk ugrundaky hereketiň weterany Mustafa Jemilew 2-nji awgustda geçirilen konferensiýada çykyş edýär.

Krym tatarlarynyň lideri, milli azatlyk ugrundaky hereketiň weterany Mustafa Jemilew 2-nji awgustda geçirilen konferensiýada çykyş edýär.

Krym tatarlarynyň Bütindünýä kongresi dünýä jemgyýetçiligini Krymyň Ukraina dolanmagy üçin “ähli zerur çäreleri” görmäge çagyrýar. Orsýet geçen ýylyň mart aýynda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alyp, ony öz düzümine goşdy.

Krym tatarlarynyň Bütindünýä kongresiniň Ankarada geçirilen ikinji ýyllyk maslahatyna gatnaşanlar 2-nji awgustda ýaýradylan jemleýji beýannamada anneksiýanyň “derhal soňuna çykylmalydygyny” we Ukrainanyň täze konstitusiýasynyň Krym tatarlaryna awtonomiýanyň beriljekdigine güwä geçmelidigini aýtdylar.

Bu maslahata krym tatarlarynyň dürli ýurtlardan baran 200 çemesi wekilleri gatnaşdylar. Olar Orsýetiň howpsuzlyk güýçleriniň dowamly basyşlary zerarly bu duşuşygy Krymyň çäklerinden daşarda geçirmeli bolandyklaryny aýan etdiler.

Ýerli liderler ýarymadadan çykarylmady

28-nji iýulda Russiýanyň häkimiýetleri Krym tatarlarynyň ýerli iki lideriniň kongrese gatnaşmagynyň öňüni almak üçin olaryň Krymdan çykmagyny gadagan etdiler.

Krym tatarlarynyň lideri, milli azatlyk ugrundaky hereketiň weterany Mustafa Jemilew 2-nji awgustda geçirilen konferensiýanyň öň ýanynda çykyş edip, 2014-nji ýylyň mart aýynda Russiýa Krymy basyp alaly bäri krym tatarlarynyň 10 müňe golaýynyň öz öý-öwzarlaryny terk edip, Krym ýarymadasyny taşlap gitmäge mejbur bolandyklaryny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, tatarlaryň ýarymadany köpçülikleýin terk etmeginiň esasy sebäpleri: Krym basylyp alnansoň bu ýerde ornaşan “diskriminasiýadyr bikanunçylyklar” we şeýle-de “öz ukrain doganlary bilen urşa iberilmek perspektiwasy bilen krym-tatarlar ýaşlarynyň Orsýetiň goşunyna mejbury çagyrylmagydyr”.

“Krym tatarlary ýarymadany terk etdi”

Jemilew krym tatarlarynyň köpüsi ýarymadany bu ýerde “demokratik azatlyklaryň doly ýok edilendigi we ýaş adamlar üçin geljege gowy umytlaryň azalanlygy” sebäpli terk etdiler diýdi. Ol krym tatarlarynyň ilki bilen Ukrainanyň esasy bölegine gaçyp barýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegi gündogar Ukrainada orsýetparaz separatistler bilen ukrain döwlet güýçleriniň arasyndaky gandöküşikli uruşlaryň başlanan döwrüne gabat geldi. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatyna görä, bu gandöküşikli uruşda 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 6 400-den gowrak adam öldi.

Krym tatarlarynyň 300 müň adamdan ybarat milli azlygy Krymyň 2 millionlyk ilatynyň 15%-ne golaýyny emele getirýär.

Günbatar ýurtlary Russiýanyň Krymy anneksiýa etmegine we gündogar Ukrainadaky wagtal-wagtal dowam edýän çaknyşyklara gaýtawul hökmünde rus resmilerine, kompaniýalaryna we işewürlerine garşy sanksiýalaryň ençeme tapgyryny girizdiler. Gündogar Ukrainadaky çaknyşyklaryň gerimi, ok atyşygy bes etmek barada fewral aýynda gol goýlan o diýen berk bolmadyk minsk ylalaşygynyň esasynda birneme gowşady.

Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin Krymyň 2014-nji ýylyň martynda anneksiýa edilmegi “wagtlaýyn zat, sebäbi ol bikanun” diýdi.

Klimkin bu kongrese krym tatarlary bilen raýdaşlygyny görkezmek üçin gatnaşmaga geldi. Ol tä Krym yzyna gaýtarylyp berilýänçä Ukraina Orsýet bilen kadaly gatnaşyklary alyp baryp bilmez diýdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG