Sepleriň elýeterliligi

Gökdere “gadagan” edildi


Gökdere jülgesi.

Gökdere jülgesi.

Geçen dynç günleri paýtagtlylar öňküleri ýaly Gökderäniň Altyýap çeşmesiniň boýunda dynç alyp bilmediler. Bu ýere barýan ýolda polisiýa posty goýlup, diňe çagalar sagaldyş merkezlerine ýa-da iki sany restorana barýanlar goýberildi.

Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri Arçabile barýan ýoluň başlanýan ýerinde hem sürüjilerden nirä barýandyklaryny soraýarlar hem-de çeşmäniň boýunda dynç almagyň gadagandygyny duýdurýarlar.

Bu dynç alýanlar hem polisiýa postunda ýörite bellige alnyp goýberilýärdi. Polisiýa postunda awtoulagyň nomeri we onuň eýesiniň ady bellik edilýär. Galyberse-de, çeşmäniň boýunda dynç almagyň gadagandygy berk duýdurylýar.

Boýun egmezlik

Bu duýduryşa boýun bolunmasa, “nepodçineniýe” ýa-da boýun egmezlik diýlip günä bildiriljekdigi barada duýduryş berilýändigini sürüjileriň käbirleri gürrüň berýärler.

“Eger-de çeşmäniň boýunda dynç alýandygyňy görseler, 15 sutka basjakdyklaryny duýdurdylar” diýip, dynç güni Gökderä dynç almaga giden paýtagtlylaryň biri Hemra aýdýar.

Şol bir wagtda hem polisiýanyň bu duýduryşyna boýun bolman jeza çekenler barada hiç hili maglumat ýok. Ýöne dynç günleri we geçen hepdäniň beýleki günleri hem bu ýerlerde dynç alýanlar görünmeýärdi.

Diňe iki restoran bar

Ýatlap geçsek, geçen hepdäniň başynda Gökderäniň Altyýap çeşmesini we onuň kenarlaryny arassalamak işleri başlanypdy. Bu işler häzir hem dowam edýär. Emma geçen hepdäniň başyndakydan tapawutlylykda arassaçylyk işleri azalypdyr.

Ýöne muňa garamazdan, Altyýap çeşmesiniň dynç alýanlar üçin haçan açyljakdygy näbelli.

Häzirlikçe paýtagtlylar bu ýerlerde diňe iki sany “Dag goçy” we “Keýik” restoranlarynda dynç alyp bilýärler. Emma “Dag goçy” restoranynyň işgäriniň aýdyşy ýaly, olaryň restoranlaryndaky bahalar her kime elýeter däl. Bu ýerdäki käbir harytlaryň bahalary paýtagtyň merkezi raýonlaryndakydan birki esse gymmat hem satylýar. Mysal üçin, bu restoranda içgileriň köpüsiniň bahasy şäherdäkiden iki esse gymmat.

Restoranyň naharlarynyň bahalary-da gymmat. Bir lüle kebabyň bahasy 12-15 manat aralygynda. Beýleki naharlaryň bahalarynyň-da azyndan 20-30% gymmatdygyny bu restoranyň müşderileriniň käbirleri aýdýarlar.

“Bu ýerdäki naharlaryň bahasy 10 manatdan ýokary. Mysal üçin, palawyň bir porsiýasy 16 manat” diýip, paýtagtly Şaguly aýdýar. Gökderedäki ”Keýik” restoranyndaky bahalar hem ”Dag goçy” restoranyndakydan o diýen tapawutlanmaýar.

Ýatlap geçsek, Altyýabyň boýuny adatdan daşary uly gerimde arassalamak işleri Türkmenistanyň prezidenti hepdäniň duşenbe güni Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkimi Atamyrat Rejebalyýewe berk käýinç berenden soň başlandy.

XS
SM
MD
LG