Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda 3485 dalaşgär hasaba alyndy


Turkmenistan. Two month preparation for president’s visit in Turkmenabat. June 24, 2015
Turkmenistan. Two month preparation for president’s visit in Turkmenabat. June 24, 2015

Lebapda Geňeşliklere agza saýlamak boýunça ses berişlige dalaşgär hökmünde 3485 adam hasaba alyndy. Resmi maglumatlara görä, tutuş welaýat boýunça 1499 saýlaw okrugy döredilip, ses berişlik 428 saýlaw nokadynda geçiriler.

Geňeşliklere saýlanjak 6041 orna dalaş etmek üçin tutuş ýurt boýunça jemi 13528 dalaşgär hasaba alnypdyr.

Olaryň arasynda oba zähmetkeşleriniň, bilim, ylym we medeniýet wekilleriniň, maliýe-ykdysady pudagynyň we halk hojalygynyň dürli ugurlarynyň wekilleriniň, girýändigi aýdylýar. Olaryň ençemesi döwletiň gözegçiligindäki jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň agzalary.

Hususan-da, dalaşgär hökmünde hasaba alnan 2939 adam Demokratik partiýasyna, 525 adam Senagatçylar hem telekeçiler partiýasyna we 1248 adam Agrar partiýasyna wekilçilik edýär.

Lebapda saýlawlara görülýän taýýarlyklara 768 adamyň syn edip, olardan 442 adamyň syýasy partiýalaryň agzalarydygy resmi maglumatda habar berildi.

XS
SM
MD
LG