Sepleriň elýeterliligi

Gyzgyz-Täjik serhedi: 4 adam ýaralandy


Batkendäki konflikt, 4-nji awgust, 2015

Batkendäki konflikt, 4-nji awgust, 2015

Gyzgyz-Täjik serhedinde bolan çaknyşygyň netijesinde Gyrgyzystanyň dört raýaty keselhana düşdi.

Gyrgyzystanyň günortasyndaky Batkeniň keselhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Zalkar Bekmuratowyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, iki adamyň beýnisi sarsypdyr, ýene ikisi ýeňil ýaralanypdyr.

Serhetdäki çaknyşyk 3-nji awgustda gyryz obasy Kok-Taşyň ýaşaýjylary Täjigistanyň Çorku obasyna barýan suwy petikläp, täjikler muňa protest bildirensoň döräpdir.

Obalaryň 200 çemesi ýaşaýjysynyň serhetde durup bir birini daşlamagy zerarly jaýlara zeper ýetdi we adamlar ýaralandy.

Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň polisiýasy ýagdaýy öz gözegçiligine aldy.

XS
SM
MD
LG