Sepleriň elýeterliligi

Kiýew-Aşgabat aralygynda göni uçar gatnar


"Ukrainanyň halkara howa liniýalary" (UIA) kompaniýasynyň uçary. Çeşme: ©Shutterstock

"Ukrainanyň halkara howa liniýalary" (UIA) kompaniýasynyň uçary. Çeşme: ©Shutterstock

Ukrainanyň halkara howa liniýalary UIA Kiýewden Aşgabada göni uçar gatnawyny açýar. Kompaniýanyň resmi websaýtynda aýdylyşyna görä, uçuşlar 2015-nji ýylyň 21-nji sentýabrdan başlap amala aşyrylar.

Uçar biletleri UIA-nyň resmi websaýtynda, kontakt merkezinde, bilet satýan ofislerde we ygtyýarly syýahatçylyk agentliklerinde eýýäm elýeterli, diýlip maglumatda aýdylýar.

Ukrainanyň halkara howa liniýalarynyň Ukrainanyň we Türkmenistanyň paýtagtlarynyň arasyndaky uçuşlar Boing 737 uçary arkaly amala aşyrylar.

Kiýew-Aşgabat uçarynyň duşenbe we çarşenbe günleri, beýleki tarapa bolsa sişenbe we penşenbe günleri gatnajakdygy kompaniýanyň resmi maglumatynda habar berilýär.

Kiýewiň we Aşgabadyň arasynda Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet kompaniýasynyň amala aşyran göni uçuşlary 2014-nji ýylyň tomsunda ýatyrylypdy.

"Türkmenhowaýollarynyň" uçary

"Türkmenhowaýollarynyň" uçary

“Türkmenhowaýollary” Aşgabat-Kiýew aralygyndaky göni uçar reýsleriniň ýatyrylmagyny howpsuzlyk sebäpleri bilen düşündiripdi. Kompaniýanyň Aşgabatdaky baş edarasynda Ukraina gidýän göni reýsleriň 17-nji iýulda Malaýziýanyň uçarynyň gündogar Ukrainada heläkçilige uçramagynyň yzysüre ýatyrylandygyny habar beripdiler.

XS
SM
MD
LG