Sepleriň elýeterliligi

Duşenbe: Orsýet harbylary sud edilýär


Täjigistanyň paýtagtynda iki orsýetli esger sud edilýär. Olar geçen ýylda täjik taksi sürüjisini öldürmekde güman edilýärler.

Bu iş boýunça diňlenişikler Orsýetiň Täjigistandaky harby bazasynyň 109-njy garnizon sudy tarapyndan 4-nji awgustda başlandy.

Orsýetiň armiýasynyň wzwod komandiriniň orunbasary Fedor Basimow we harby bölümiň öňki komandiri Ildar Sahapow geçen ýylyň awgust aýynda 36 ýaşly taksi sürüjisi Rahmon Teşaboýew Duşenbäniň golaýynda öli tapylansoň tussag edilipdi.

Üç çaganyň atasy Teşaboýewiň damagy çalnyp öldürilmeginden öň güýçli ýenjilendigi barlaglarda anyklandy.

Bu waka ýerli täjikleriň we Orsýetiň harbylarynyň arasynda dartgynlylygy güýçlendirdi.

Orsýetiň Owganystan bilen serhetdeş Täjigistandaky harbylary san taýdan ýurduň daşyndaky iň uly goşunyny emele getirýärler.

Täjigistanda 7000 çemesi orsýet harbysy ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG