Sepleriň elýeterliligi

"Talyban" resmisi wezipesinden çekildi

Afghanistan - Afghanistan – Sayed Akbar Agha Head of Salvation Council of Afghanistan and former member of Taliban group during an exclusive interview with Radio Free Afghanistan in Kabul, 25 May 2015 سید اکبر آغا

“Talybanyň” ýokary derejeli resmisi guramanyň ýolbaşçylygy ugurnda güýçli göreşiň gidýän wagtynda wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.
Syed Mohammad Taýab Agha 3-nji awgustda eden beýannamasynda

“Talybanyň” Kataryň paýtagty Dohada ýerleşýän syýasy edarasynyň müdiri wezipesinden çekilýändigini aýtdy.

Bu edara “Talybanyň” Owganystanyň hökümeti bilen parahatçylyk ugrundaky gepleşikleri alyp barmagy üçin döredilipdi.

Agha “Talybanyň” lideri Molla Muhammad Omaryň 2013-nji ýylda aradan çykmagynyň gizlinlikde saklamak bilen bagly kararyň “taryhy ýalňyşlyk” diýip hasap edýändigini aýtdy.

“Talyban” Molla Omaryň ölümi barada geçen hepdede yglan etdi.
“Talybanyň” metbugat-wekili Zabihullah Mujahid Aghaniň beýannamasyny kommentirlemejekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG