Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti Gyrgyzystana barýar


Türkmen-gyrgyz biznes forumy, 4-nji awgust, 2015

Türkmen-gyrgyz biznes forumy, 4-nji awgust, 2015

Türkmenistanyň prezidenti 5-nji awgustda Gyrgyzystana ilkinji resmi saparyna başlaýar.

G.Berdimuhamedowyň bu iki günlük saparynyň öňüsyrasynda Gyrgyzystanyň Söwda-senagat oýünde ýurtlaryň garaşsyzlygynyň 24 ýylynyň dowamynda ilkinji gezek iki ýurduň işewürleriniň biznes forumy geçirildi.

Duşuşykda aýdylyşyna görä, 2010-2014-nji ýyllaryň aralygynda ýurtlaryň özara haryt dolanyşygy 69% ösüpdir.

Geçen ýylda haryt dolanyşygynyň möçberi 9.8 million dollara ýetipdir. Häzirki wagtda Gyrgyzystanyň daşary söwdasynyň düzüminde Türkmenstan bilen söwdanyň möçberi 0.2% emele getirýär, diýlip gyzgyz mediasy habar berýär.

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylda ýola goýldy.

XS
SM
MD
LG