Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmensähra: Ýazyjy-şahyrlar we dünýä türkmenleri


Eýranly türkmenler
Eýranly türkmenler

Eýranda ýaşaýan etniki türkmenler ýagny halk arasyndaky ady bilen Türkmensähra türkmenleri durmuşyň ähli ugrunda bolşy ýaly edebiýatda hem Magtymgulydan ylham alýandyklaryny aýratyn nygtaýarlar. Şeýle ylham bilen Eýranda ýaşaýan türkmenleriň ýazyjydyr-şahyrlary "Miras" atly edebiýat hem sungat jemgyýetini döredip, eýýäm ençeme ýyl bäri bu ugurda işjeň iş alyp barýarlar.

Eýse, Türkmensährada ýaşaýan ýazyjy-şahyrlar dünýä türkmenleri bilen nähili aragatnaşyk saklaýarlar we olaryň bu ugurda islegleri näme? Şeýle-de, Türkmensähra türkmenleriniň "Miras" edebiýat hem sungat jemgyýetiniň göz öňünde tutýan maksatlary näme we olara ýetmek üçin nähili sepgitlere ýetildi? "Miras" jemgyýetiniň zenan agzalarynyň işjeňligi jemgyýete nähili täsir ýetirýär?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda Türkmensähra türkmenleriniň "Miras" jemgyýetiniň agzalary bolan edebiýatçylar we sungat işgärleri bilen bu guramanyň jemgyýetde oýnaýan roly we göz öňünde tutýan planlary barada söz açýar. Bu temadaky söhbetdeşlige gatnaşmak isleýänler hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylary arkaly habarlaşyp bilerler. Şeýle-de, öz pikirdir-garaýyşlaryňyzy aşakdaky teswir bölüminde hem ýazyp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG