Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan ölüm jezasyny ýerine ýetirdi


Shafkat Hussainiň garyndaşlary, Pakistan, 4-nji awgust, 2015.
Shafkat Hussainiň garyndaşlary, Pakistan, 4-nji awgust, 2015.

Pakistan 2004-nji ýylda çagany öldürmekde aýyplanan Shafkat Hussaini jezalandyrdy. Bu jezanyň adam hukuklaryny goraýjylaryň çagyryşlaryna garamazdan amala aşyrylandygy türme resmileri we Hussainiň garyndaşlary 4-nji awgustda habar berdiler.

Husseiniň aklawçysy onuň jenaýatçylyga baş goşan wagtynda 14 ýaşynda bolandygyny aýdýar, resmiler bolsa onuň kämillik ýaşyna ýetendigini öňe sürýärler.

Jeza ýylyň dowamynda kanuny sebäplere görä we halkara guramalarynyň hem BMG-niň bildiren aladalanmalary sebäpli dört gezek yza tesdirilipdi.

Pakistan ölüm jezasyny dekabr aýynda dikeldeli bäri 180 adamy asyp jezalandyrdy.

XS
SM
MD
LG