Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Kitaphananyň eserleri okyjylary gyzyklandyrmaýar"


Türkmenistandaky kitaphanalaryň biri.
Türkmenistandaky kitaphanalaryň biri.

Türkmenistan öz garaşsyzlygyny alandan soň, paýtagt Aşgabatda we beýleki welaýatlarda ençeme kitaphanalar guruldy we olaryň käbirleriniň gurluşygy heniz hem dowam edýär. Şol kitaphanalaryň biri mundan iki ýyl gowrak ozal Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde gurlup, ulanylmaga berildi.

Bu kitaphananyň gurluşygyna millionlarça amerikan dollary möçberinde pul serişdesiniň harçlanandygy aýdylyp, onda okyjylar üçin döwrebap şertleriň döredilendigi, hatda çagaly eneleriň çagalaryna seretmek üçin niýetlenen ýörite enekeleriň hem işleýändigi nygtalýar. Şol bir wagtyň özünde bu kitaphana barýan okyjylaryň sanynyň bolsa juda azdygy habar berilýär.

Eýse, munuň nähili sebäpleri bolup biler?

Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, häzirki wagtda Balkan welaýatyna sapar edýän we gürrüňi edilýän kitaphana baryp gören aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:55 0:00

XS
SM
MD
LG