Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barzani Sinjary Kürdüstana goşmak isleýär


Yragyň awtonom Kürt regionynyň lideri Massoud Barzani.
Yragyň awtonom Kürt regionynyň lideri Massoud Barzani.

Yragyň awtonom Kürt regionynyň lideri 3-nji awgustda çykyş edip, “Yrakly kürtler “Yslam döwleti” atly topara garşy göreşip, Sinjar şäheriniň we demirgazyk-günbatar Yragyň beýleki regionlarynyň kontrollygyny öz ellerine almalydyrlar” diýdi.

Prezident Massoud Barzani Sinjar şäheriniň “Yslam döwleti” atly ýaragly toparyň gözegçiligine geçen gününiň ýyl dönüminde çykyş edip, “Biz Sinjary gaýtadan Kürdüstanyň gözegçiligine geçirmek üçin 1000-den gowrak adamy pida etdik” diýdi. Sinjaryň “Yslam döwleti” atly toparyň gözegçiligine geçmegi bu şäherdäki ýezit dini azlygynyň on müňlerçe agzasynyň daglyk regionlara gaçyp gitmegine sebäp bolupdy.

Barzani “Men [Kürt regional hökümetinden] bu sebitde ýörite administrasiýany döretmegi talap etdim we men Yragyň hökümetinden Sinjary welaýat merkezi etmegi talap ederin” diýip tekrarlady.

Kürt güýçleri territoriýalaryny giňeltdi

Sinjar Yragyň Siriýa bilen serhediniň golaýynda ýerleşýär we bu şäher Yragyň Kürt azlygy tarapyndan kontrollyk edilýän üç welaýatyň ykrar edilen serhet çäkleriniň düzümine girmeýär.

Emma muňa garamazdan, 2014-nji ýylyň iýun aýynda “Yslam döwleti” atly toparyň bu sebite eden ilkinji uly hüjümlerinde Yragyň federal armiýasy güýçden gaçyp, bu şäherdäki pozisiýalaryny terk etdi. Şondan soň kürt “Peşmerga” güýçleri emele gelen bu boşlugy dolduryp, bu şäherdäki territoriýalarynyň meýdanyny 40%-e çenli giňeltdiler.

“Sinjaryň ýarpysy we onuň çetki territoriýalary heniz azat edilenok” diýip, Barzani günbatar Kürdüstandaky esasy şäher – Dohukda eden çykyşynda aýtdy. Öýlerinden göçmäge mejbur edilen ýezitleriň aglabasy bu şäherde ýerleşýär.

Barzani “Biz duşmanyň elinden öz territoriýalarymyzy azat edýänçäk we öýlerinden göçmäge mejbur edilen adamlaryň öýlerine dolanmagyny gazanýançak [urşy] bes edip bilmeris” diýdi.

Ar almak

Barzani ýezitlere garşy edilen ýowuz çäreler üçin “Yslam döwleti” atly topardan ar almagy wada berdi. Ýezitler ne arap, ne-de musulman bolup, olaryň özboluşly dini ynançlary bar. “Yslam döwleti” atly topar ýezitleri köphudaýlyga ynanýanlar we ýoldan çykanlar diýip hasaplaýar.

Bu toparyň basybalyş hüjümleri döwründe ýezitleriň müňden gowragy öldürildi we ýesir alyndy. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “genosidi amala aşyrmaga synanyşyk” diýip häsiýetlendirildi we “Yslam döwleti” atly ýaragly topara garşy Birleşen Ştatlaryň liderliginde howa hüjümleriniň başlanmagyna esasy delil boldy.

“Biz bu jenaýaty amala aşyran adamlaryň iň soňkusyna çenli yzarlarys. Olaryň [“Yslam döwleti” atly toparyň] müňlerçe söweşijisi uruş meýdanynda öldürildi. Emma bu olaryň eden jenaýatlary bilen deňeşdirilende hiç zatdyr” diýip, Barzani belledi.

Kürt regional hökümetiniň maglumatyna görä, 1 280 sany ýezit “Yslam döwleti” atly toparyň hüjümlerinde öldürilip, 280 sanysy ýüzbe-ýüz bolan şertleri sebäpli heläk bolupdyr we 841 sanysy hem ýitirim bolupdyr.

Şeýle-de, ýezitleriň 5 800-den gowragy “Yslam döwleti” atly topar tarapyndan alnyp gaçyldy. Bu topar ýezitleriň gyzlaryny we aýallaryny gul hökmünde ulanýar. Kürt regional hökümetiniň maglumatyna görä, olaryň diňe 2000-den gowragy ýesirlikden gaçmagy başarypdyr.

XS
SM
MD
LG