Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl ekstremist ýewreýi tutdy


Ysraýylyň goranmak ministri Moşe Ýaalon 4-nji awgustda güman edilýän ýewreý ekstremistiniň «adminstratiw tussaglygy» baradaky buýruga gol çekdi, ol palestinalynyň jaýyny otlamakda güman edilýär.

Bu hadysada bir bäbek ýanyp ölüpdi. Basylyp alnan Günbatar Kenarda ýaşaýan ysraýylly Mordeheý Meýr zorlukly işe we terror hüjümine dahyllylykda güman edilip, sud edilmezden tussag astyna alyndy diýip, ministrlik aýtdy.

Bu çäre Palestina Birtaniýa tarapyndan dolandyrylan wagtyndan bäri dowam edýär we tussagy alty aýlap sudsuz saklamaga ygtyýar berýär. Ýöne ol ozallar diňe palestinaly güman edilýänlere garşy ulanylýardy.

Premýer-imnistr Benýamin Netanýahuň kabineti geçen hepde onuň ýewreý jeňçilerini tussag etmek üçin hem ulanylyp biljegini tassyk etdi.

Ysraýyllylar sudsuz tussag etmegiň käwagt, iş kesmek üçin degerli delil tapylýança, zorlukly wakalaryň öňüni almak üçin zerurdygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG