Sepleriň elýeterliligi

Nemtsowyň gyzyna $1.1 million baýrak berildi


Orsýetiň öldürilen oppozision syýasatçysy Boris Nemtsowyň uly gyzyna Polşada demokratiýa we adam hukuklary meselesinde eden tagallalary üçin 1.1 million dollar baýrak berildi.

Polşanyň prezidenti we ozalky prezident Leh Walesa adyndaky baýragy bermek bardaky komitetiň başlygy Bronislaw Komarowskiý 4-nji awgustda Warşawada 31 ýaşyndaky Žanna Nemtsowa Leh Walesa adyndaky Raýdaşlyk baýragyny gowşurdy.

Raýdaşlyk baýragy Polşanyň daşary işler ministrligi tarapyndan döredildi. Nemtsowa kakasy 27-fewralda, Kremliň gapdalynda atylyp öldürileninden soň, ýurdy terk etdi.

Ol iýul aýynda Orsýetiň RBK habar guramasyndaky işinden çykyp, Doýçe Welläniň rus bölümine goşulýandygyny yglan etdi.

Nemtsowa Orsýetde özüne haýbat atylandygyny aýtdy we kakasynyň öldürilmeginiň berk derňelmegini talap edýär.

XS
SM
MD
LG