Sepleriň elýeterliligi

Korrupsiýadan we hyzmatlaryň hilinden şikaýat edýän yraklylar yssy howada toguň kesilmeginden dergazap bolup, 4-nji awgustda köçe protestine çykdylar.

Ýüzlerçe demonstrasiýaçy welaýat paýtagty Amarada, paýtagt Bagdadyň 300 km uzaklygynda hökümete garşy şygarlara gygyrdy.

Olar elektrik üpjünçiligini, iş ýerlerini, hökümet reformalaryny talap etdiler. Soňky günlerde Bagdatda, Basrada, Najafda, Babilde we Nasiriýada hem protestler boldy.

Yrakda howanyň gyzgyny selsiýa boýunça 50 gradusdan geçýär we bu ýagdaý hökümetiň geçen hepde dört günlük dynç alyş yglan etmegine getirdi.

31-nji iýulda Bagdatda geçirilen proteste gatnaşan ýüzlerçe protestçi «ogrular, ogrular, ogrular» diýip gygyrdy.

XS
SM
MD
LG